TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA SOMALI FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Jama Abdullahi Mohammed bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşyp, taraplar Türkmenistan bilen Somaliniň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler. Ýokary derejeli saparlaryň, şeýle-de iki ýurduň d...
BITARAPLYGA BAGYŞANAN ÝANWAR AÝYNDAKY MASLAHATYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BA-NYŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar, forumlar, sergiler guralýar. Şunuň bilen baglylyk-da, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we peç ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we tehniki kükürt Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDAKY 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE MEJLIS GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň weki...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Maliýe — ykdysadyýet ulgamy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçen, 2019-njy ýylyň makroykdysady netijeleri Garaşsyz, berkarar ata Watanymyzyň agrar ýurt bolmagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol özgertmeler mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Diýarymyz Garaşsyzlygynyň 28-nji ýylynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda «Döwlet adam üçindir!»...
TÜRKMENISTAN BILEN GRENADANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR ÝOLA GOÝULDY
2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda Moskwa şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Grenadanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy bolup geçdi. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýew bilen Grenadanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Oleg Fireri...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB–MERKEZI AZIÝA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2020-nji ýylyň12-13-nji fewralynda Brýusselde daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň işine Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri ulgamlarynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar. Maslahat daşky gurşaw we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ÝB–Merkezi Aziýa platformasynyň çäklerinde guralan bolup...