TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany" ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN GÖZEGÇILIK-GOÝBERIŞ NOKATLARYNYŇ TALABALAÝYK IŞLEMEGINI ÜPJÜN ETMEK BABATDA OWGAN TARAPY BILEN IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK EDÝÄR
2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň ýolbaşçylary hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar. Taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine...
DEMIR ÝOLUŇ GURLUŞYGY DIKELDILDI
2021-nji 30-njy awgustynda Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi. Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda «Kerki-Ymamnazar-Аkina-Аndhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owganystanyň «Akina-Andhoý» beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi. Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýakyn wagtda...
TÜRKMENISTANYŇ WE BAE-NIŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER
2021-nji ýylyň 29-njy awgusty 2-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary, Döwlet...
TÜRKMENISTAN ÖZÜNIŇ HALKARA YNSANPERWER HUKUGY ULGAMYNDAKY HALKARA BORÇNAMALARYNA YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklamak bilen, bu gün biziň öňümizde Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak meselelerini öz içine alýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek ýaly derwaýys wezipäniň durýandy...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ PARAHATÇYLYK ÝOLLARY BILEN KADALAŞDYRYLMAGY UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
29-njy awgustda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda, Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigi aýratyn bellenildi. Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik energiýasy Owganyst...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” Bilelikdäki...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 28-nji awgustda Daşary ýurtlaryň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynyň binasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar ýüze çykarylan daşary ýurt raýatlarynyň tussag edilendigi barada howaýy maglumat peýda boldy. Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana ýokarda beýan edilenler babatynda onda haýsydyr-bir maglumatlaryň ýokdugyny habar berýär.