SOŇKY HABARLAR
HHR-iň DIM-niň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýong bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we onuň özara düşünişmek hem-de birek-biregi goldamak häsiýete eýedigi barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde ik...
Aktau şäherinde “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyna hem-de “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ýylyň şygaryna bagyşlanyp dabara geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň (Aktau ş.) binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, Gazagystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler hem-de Aktau şäherinde bilim alýan Türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygyny bellediler. Şunda, taraplaryň arasynda saparyň netijeleri, şu ýylyň 21-nji fewralynda geçirilen ýokary derejeli tege...
Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Ýaponiýada türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda...
Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara gepleşikleri giňeltmegi maksat edinýär
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapo...
Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Halkara zähmet guramasynyň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol duşuşygy geçirildi
Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýetiniň dowam edýän saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin pudagara tegelek stol duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan geçirilen çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetinň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, hususan-da Ýaponiýa bilen hy...