TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habar
Halkara derejesinde hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan daşary syýasatyny halkara hukugyna laýyklykda alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan, esasy ýörelgelerinden biri bolan döwletleriň territorial bitewiligine hormat goýmak bilen, Türkmenistan “bir Hytaý” ýörelgesini berk goldaýar we bütin Hytaýa wekilçilik edýän Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň ýeke-täk kanuny hökümet bolup durýandygyny ýene bir gezek...
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz ynanç hatlaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysy Tatýana Walowaýa öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk guraldy we onuň dowamynda Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygyna degişli bolan aktual meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Guramanyň esasy gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, şeýle hem Türkmenistanyň dürli ha...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Er-Riýadda Dag magdany boýunça üçünji forumyna gatnaşmagy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 9-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şaherinde geçirilen Dag magdany boýunça üçünji halkara sergi-maslahatynyň işine gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde Türkmen wekiliýeti ministrler derejesinde geçirilen tegelek stoluna we dürli mowzuklaýyn mejlisleriň işine işjeň gatnaşdy. Mejlislerde dag magdan önümçiliginiň gelejegi hem-de önümçiligiň tebigata...
Türkmen wekiliýeti “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahata gatnaşýar
2024-nji ýylyň 8-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahaty we sergisi geçirilýär. oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar. Türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu çäräniň maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak. Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müd...
Заявленные Президентом Туркменистана на COP28 национальные позиции опубликованы в качестве документа 78-ой сессии Генассамблеи ООН
Заявление национальной позиции по вопросам изменения климата и экологической безопасности, сделанное Президентом Туркменистана в ходе двадцать восьмой сессии Конференции Сторон Рамочной конвенции Организации Объединенных Наций об изменении климата (COP28) в Дубае 1-2 декабря 2023 года, опубликовано и распространено на шести официальных языках ООН в качестве официального документа 78-ой сессии Генеральной Ассамблеи. С полным текстом документа можно ознакомиться по следующей ссылке https://undo...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Gazagystanyň Ilçisi Askar Täjibaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejeli saparlarda gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine syn berdiler we 2024-nji ýyl üçin türkmen-gazak ga...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 2023-nji ýylyň 10-11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň öndü...