TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, amatly maýa goýum ýagdaýy we işewürlik üçin ähli şertler döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylýandygy bellenildi. Döwle...
Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady
2025-nji ýylyň 13-nji maýynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Bu iri sebit maslahaty howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýa sebitinden alymlaryny, bilermenlerini we hünärmenlerini, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalaryny türkmen paýta...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Gazagystan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Stiwen O’Malli, BMG-niň Gyrgyz Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Antje Grawe hem-de BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň, şeýle hem “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi. Şu ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän okuw maslahaty ýaş diplomatlaryň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga, ynanyşmak ýag...
«2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanyp geçirilen dabaraly çäre hem-de sergi barada
2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki Konsullygynyň binasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti hem-de ondan gelip çykýan ugurlar barada bellenilip geçildi. Maslahatda Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň işjeň daşary syýasy ugrunyň hem-de Türk...
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy. “Wnukowo — 2” Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Prawda” we “Sowet Türkmenistany” gazetleriniň 1945-nji ýyldaky...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine hem garaldy.