SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň (WWF) arasynda daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we WWF-niň Gündogar, Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça sebit direktory Žan-Pol Paddak tarapyndan gol çekildi. Ähtnama biodürliligi goramak, t...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Toşimisu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito...
В Ашхабаде состоялась встреча Министров иностранных дел Туркменистана и Японии
30 августа 2026 года в здании МИД Туркменистана состоялась встреча делегаций во главе с Министром иностранных дел Туркменистана Рашидом Мередовым и Министром иностранных дел Японии Тосимицу Мотэги, прибывшим в Ашхабад с визитом. В ходе встречи стороны обсудили нынешнее состояние и перспективы развития туркмено-японских связей в политико-дипломатической, торгово-экономической и культурно-гуманитарной областях. Было особо подчёркнуто, что основой импульс развитию межгосударственных связей пр...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň...
Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşdy. Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Fransiýanyň Ilçisi özüniň diplomatik gullugyny alyp baran döwründe berilen hemmetaraplaýyn goldaw üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkm...
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýar
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy, ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler. Kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklary, ekologiýa, sanlylaşdy...
DIM-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistanda diplomatik işini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady...