TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJEDÄKI STAMBUL SAMMITINIŇ ÇÄKLERINDE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik ugur boýunça özara gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegi we hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de ylym-bilim we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky bilelikdäki hereketleriň giňeldilmegi işjeň ýagdaýda geçirilen nobatdaky gepleşikleriň esasy ugurlaryny düzdi.

Iki doganlyk ýurduň Baştutanlary Türkmenistanyň bu Guramada synçy derejesini almagynyň nobatdaky Sammitiň ähmiýetli wakalarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak arkaly, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň işine hemişe uly hormat hem-de gyzyklanma bilen gatnaşandygyny belläp geçdi.

Şeýle-de, 12-nji noýabrda Sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini bu Gurama synçy derejesinde kabul edilmegi bilen gutlady. Bu wakanyň doganlyk ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli hem-de uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine itergi berjek möhüm ädim boljakdygy bellenildi.

Iki ýurduň Baştutanlary şeýle-de ikitaraplaýyn we köpugurly esasda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Mundan beýläk hem işjeň gatnaşyklaryň dowam edilmegine taýýarlyklaryny tassyklamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.