2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanda halkara ýaryşlary geçirilýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” atly şygar bilen, ýokary guramaçylykly geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da ýokarlandyrdy.
Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň Hormatly agzasy Tamas Ajan 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady.
Hormatly Prezidentimize, Milli Olimpiýa Komitetiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Halkara Olimpiýa komitetiniň Hormatly agzasy Tamas Ajandan gelip gowşan hatda şeýle diýilýär: “HAF-yň adyndan iň gowy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de HAF-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2017-nji ýylyyň 26-njy noýabrynda ABŞ-nyň Anahaým şäherinde bolan mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geljek ýylyň noýabrynda ajaýyp Aşgabat şäherinde guramak baradaky meýilini biragyzdan makullandygy baradaky habary kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Şunuň bilen baglylykda, Halkara agyr atletika federasiýasynyň, Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama gol çekildi.
Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynyň hem-de sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede hem-de üstünlikli guralandygy biziň ýadymyzda. Siziň ýurduňyzyň ak mermerli paýtagtynyň Olimpiýa toplumynyň ajaýyp desgalary hem-de türkmen halkynyň mähirli myhmansöýerligi bizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Pursatdan peýdalanyp, 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň Siziň ýurduňyzda guraljakdygyna ynam bildirmäge, Sizi gutlamaga hem-de Halkara agyr atletika federasiýasynyň bu iri çäresini geçirmekde şowlulyk arzuw etmäge rugsat ediň.
Ajaýyp ýurduňyzda sporty ösdürmäge hemişe goldaw berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de Aşgabatda 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny guramakda ýene-de bir gezek uly üstünlikler arzuw edýärin”.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigi mynasybetli hoş habaryň gelip gowuşmagy ähli watandaşlarymyzy buýsandyrdy.