Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde «Türkmenistan-Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

photo

2017-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, Mangistau welaýatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Ş.Ýesenow adyndaky Kaspi döwlet Tehnologiýa we Inžinerçilik uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

         Türkmen Lideriniň täze kitaby üç dilde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen. Türkmenistanyň Prezidentiniň ägirt uly zähmeti Türkmenistanyň döwrebap ösüşiniň konsepsiýasyny şöhlelendirip, taryhy tejribä esaslanýar, parahatsöýüjiligi we goňşuçylyk däplerini, türkmen halkynyň ruhy mirasyny hormatlaýar. Öz beýanyny tapan ajaýyp maglumatlar awtora mähriban halkynyň geçmişi, şu güni we geljegi hakyndaky oý-pikirlerini okyja yzygiderli ýetirip, taryh bilen häzirki zamanamyzy bir bitewilige birleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Kitapda öňe sürülýän baş pikir Bitarap Türkmenistanyň özüniň taryhy ýoluny açyp görkezýän halkara giňişligindäki başlangyçly we döredijilikli posiziýasyny düşündirýär.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Beýik ýüpek ýolunyň taryhy bu ajaýyp ýoluň ugrunda ýerleşen ähli döwletleriň durnukly aragatnaşygyň saklanmagyna getirip, netijede Gündogaryň we Günbataryň medeni taýdan baýlaşmagynyň çeşmesine öwrülendigini, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoly gadymy sähralary we esasy transkontinental şäherlerden geçmegi bilen, köp asyrlaryň dowamynda medeniýetiň we jemgyýetçilik ösüşiň gepleşikleri bilen üpjün edendigi barada bellenilip geçildi.

Häzirki wagtda, taryhy gatnaşyklary berkitmek bilen, Türkmenistan we Gazagystan ykdysadyýetiň, medeniýetiň köp ugurlar boýunça işjeň gatnaşyklary saklap, iki halklaryň arasyndaky dostlukly aragatnaşyklary ösdürýärler.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby Beýik Ýüpek Ýolunyň taryhyny öwrenmekde özüniň ornuny eýelemäge mynasypdygy barada belläp geçdiler.