AKTAU ŞÄHERINDE BITARAPLYK BARADA DÜZME ÝAZMAK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

photo
2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20-ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýilip yglan edilmegi mynasybetli Aktau şäheriniň 3-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylaryň arasynda “Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar we onuň ösüşi” ady bilen düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi. 2015-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda bu basleşikde yeňiji bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Sylaglamak dabarasyna Aktau şäher häkimliginiň bilim bolüminiň wekilleri, yerli metbugatyň habarçylary, bu mekdebiň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. 

Bäsleşigiň ýeňijileri Konsullygyň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Dabaranyň ahyrynda Aktau şäher bilim bolüminiň wekili we mekdebiň direktory gutlag sozleri bilen çykyş etdiler.