img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Birža täzelikleri

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we boýalan tüýjümek önümleri, Birleşen Arap Emirliklerinden, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler bolsa nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 676 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan gelen işewürler el halylaryny, BAE-niň we Şotlandiýanyň telekeçileri bolsa nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy netijesi 3 million manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million manada golaý pagta süýümini, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni satyn aldylar.