Ýokary amatlykly kottejler toplumy paýtagtyň şäher gurluşygynda täze sahypa açýar

photo

 

Şäheri gurmagyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta-günbatarynda ýokary amtlykly kottejleriň iki ýüzden gowragy we on iki gat ýaşaýyş jaýlarynyň 18-si bina edildi, olary ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kompaniýalarynyň ýigrimä golaýy gurdylar. 

Ýokary amatlykly täze ýaşaýyş jaý toplumuny gurmak üçin tebigy baýyrlyk ýer bölünip berildi, bu bolsa özboluşly, täze we funksional gurşaw döretmäge mümkinçilik berdi, onda amatlylyk, dizaýnerlik täzelikler we milli ýörelgeler sazlaşykly utgaşýar. 

Öýlerde diňe üýtgeşik binagärlik tilsimleri ulanylman, eýsem onuň daşky bezeginde kermogranit, üçeginde çerepisa ulanylyp, üçastyndaky otag ýyladylýar we ulag duralgalary jaýa sepleşdirilen. Umumy meýdany 350 inedördül metr bolan bütewi kottejler ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk guruldy. Şonuň üçinem esasan ýerli gurluşyk materiallary, şeýle hem 

Ýewropanyň esasy haryt öndürijileriniň ýokary hil we howpsuzlyk talaplaryna jogap berýän önümleri ulanyldy. Kottejler özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamlary, durmuş enjamlary bilen üpjün edilendir, inženerçilik kommunikasiýalaryna birleşdirilendir. 

Paýtagtyň gurluşygynyň 15-nji tapgyrynda 16 sany 3 we 4 gatly otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýokary amatlykly jaýlar bina edildi. Jaýlaryň gurluş tehnologiýasy we ulanylýan serişdeleri meňzeş bolsa-da, olaryň iki gat kottejlerden tapawutly ýeri hem bar. 

Üç gatly ýokary amatlykly jaýlarda liftler bilen üpjün edilen, merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyna goşulan. Her jaýda umumy meýdany 222 inedördül metr bolan öýleriň altysy bar. 4 gatly jaýlarda hersiniň umumy meýany 253 inedördül metr bolan öýleriň sekizisi bar. Olaryň gapdalynda ulag goýulýan ýerler gurlan, oýunlar we gezelenç zolaklary döredilen. 

Ýokary amatlykly kottejler paýtagtyň şähergurluşyk konsepsiýasynda täze sahypa bolup, ol amatlylygy, funksionallygy, ekologiýalylygy we möhüm urbanistik ýörelgeleri utgaşdyrýar. 

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň töwereginde üýtgeik landşaft dizaýn elementli we seýilgäh bezegli gök zolak döredilýär, oýlanşykly ulag infrastrukturasy bolsa, şäheriň beýleki sebitlerine amatly gatnawy üpjün eder.