“Daşoguz” şypahanasy

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak ulgamynda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär.

Daşoguz welaýatynyň merkezinden 12 kilometr uzaklykda, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän «Daşoguz» şypahanasy ýurdumyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

Bu ýerde şu ýylyň birinji ýarymynda 4 müňden gowrak adamyň dynç almagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 500 adamdan gowrak köpdür. Umuman, ýylyň dowamynda saglygyny berkitmek üçin bu ýere 10 müňe golaý adam gelýär.

Şypahananyň taryhy 1988-nji ýyldan başlanýar. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2014-nji ýylda ýokary hyzmatly döwrebap şypahana derejesi berildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň şypahana-dynç alyş ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, bu ýerde 200 orunlyk täze bina guruldy.

Bu ýerde dynç alýanlar üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän 1 we 2 adam üçin niýetlenen otaglar hem-de lýuks derejeli otaglar göz öňünde tutulandyr. Şypahananyň çäginde dermanhana, amfiteatr, sport meýdançalar, dükan, fitobar ýerleşýär. Bu ýerde dermanlyk içgiler, bejeriş ähmiýeti bolan çaýlar we dürli otlardan taýýarlanylýan içgiler hödürlenilýär.

Şypahananyň anyklaýyş we bejeriş bölümleri Germaniýanyň «Siemens», «HabHerman», «Human», ABŞ-nyň «Akwamassaž», Beýik Britaniýanyň «BTL», Italiýanyň «Fazzini», Slowakiýanyň «Mediprogres» ýaly lukmançylyk tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy düzümleriň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi.

Şypahanada işjeň ulanylýan bejerişiň innowasion usullarynyň biri-de aromaterapiýadyr. Köp sanly keselleriň öňüni almakda we bejermekde bu usul ýurdumyzda ilkinji gezek «Daşoguz» şypahanasynda ulanylyp başlandy.

Bejerişiň esasy ähmiýeti adamyň endamyna ýörite enjamlar arkaly ýurdumyzyň çäginde ösýän ösümliklerden ýakymly ysy bolan serişdeleriň üsti bilen täsir etmekden ybaratdyr. Şol ösümlikler Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň köp ýurtlarynda giňden meşhur bolan ensiklopedik işinde ylmy taýdan yzygiderli we jikme-jik beýan edildi.

Umuman, häzirki döwürde bu ýerde dürli keselleri bejermegiň 15-den gowrak görnüşi, lukmançylyk-şypahana ulgamynyň öňdebaryjy tejribesi işjeň ulanylýar.

Şypahanada dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli lukmanlar işleýärler. Bu ýerde rentgenografiýa, endoskopiýa, kolonoskopiýa, ultrasesli barlaglar, elektrokardiografiýa, stomatologiýa, ginekologiýa, iç keseller bölümleri hereket edýär.

Ýod-brom, mineral suwlar ýaly bejeriş serişdelerine baý bolan 1200 metr çuňlukdaky mineral suwly çeşme bu şypahananyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Şypahananyň suwunyň düzüminde Na+K, Ca, Mg, HI, SO4, NO2, CO3+HO3, H2 SiO4, Fe, CO2, Pb, Zn, Cu, As, F, Cr, Mn, Se, Mo, AI, Be, I, B, Br, Ra, U ýaly elementler bar. Şolaryň minerallaşma derejesi 80,82 gr/dm3 barabardyr.

Suwuň hemişelik ýylylyk derejesi 54 gradusa, akymyň tizligi sekuntda 5 litre barabardyr. Bu bolsa artroz, artrit, poliartrit, osteohondroz, radikulit, nerw periferi kesellerini, endokrin ulgamyny we beýlekileri bejermek üçin ýokary derejeli minerallaşdyrylan suwy giňden ulanmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde gidroterapiýa esasy orny eýeleýär. Şypahanada ýörite enjamlaşdyrylan wannaly otaglar, dürli suw bilen bejeriş çärelerini kabul etmek üçin niýetlenen howuzlar we beýlekiler bar.

Bu ýerde «akwakapsula» gurnamasy hereket edýär. Suw çüwdürimleriniň kömegi arkaly «gury akwamassaž» diýlip atlandyrylýan usul ýerine ýetirilýär. Ol ýürek-damar, nerw, endokrin, ginekologiýa, proktologiýa, deri keselleri, daýanç-hereketlendiriji ugurlaryndaky keselleri bejermekde ulanylýar.

Suwuň astynda oňurga süňklerini bejermek üçin ýörite enjamlar dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr. Şypahanada derman serişdesiz terapiýa usulyny ulanýan bölüm hereket edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu usulyň dürli görnüşleri derman serişdeleriniň ornuny tutýar ýa-da şolary ulanmak zerurlygyny çäklendirýär. Şeýle hem ol patologik ýagdaýa dürli ugurlar boýunça täsir edýär hem-de beden sazlaşygyň ýiten ýerlerini dikeldýär, bedeniň dürli ýerlerindäki näsazlygyň kadalaşdyrylmagyny şertlendirýär, bedeniň funksional ýagdaýyny gowulandyrýar we onuň gorag güýjüni işjeňleşdirýär.

Sagaldyş we ozono-terapiýa ugurlary bejerişiň netijeli usullary hasaplanylýar. Bu ýerde ulanylýan ýörite ozonlaşdyrylan fiziologik erginiň üsti bilen içki damjalaýyş usulyny ulanmak howa çalşygyny dikeltmäge, gormonal näsazlygy kadalaşdyrmaga, serişde alyş-çalşy işjeňleşdirmäge, immuniteti, antiwirus, antibakterial çärelerini we sowuklama garşy usullary ulanmaga mümkinçilik berýär.

Dem alyş, merkezi hem-de daşky nerw keselini, endokrin ulgamyny, ýokanç keselleri, ýiti we uzakmöhletli somatik keselleri bejermäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, şypahanada emeli döredilen mikroklimat, ýerasty duzly gowak şertlerini, ýörite bejeriş usullary ulanmak arkaly, esasan, bejerijilik ukyby bolan duzlaryň esaslaryna daýanýan gallaterapiýa giňden ulanylýar.

Şu bejeriş çärelerini geçirmek üçin niýetlenen otaglaryň diwarlaryna we düşegine köp gatly duz örtügi düşeldi. Şunda, bejeriş döwründe ýörite gurnamalaryň kömegi arkaly otaglar dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan suwuklyklaryň bugy bilen doldurylýar.

«Daşoguz» şypahanasynyň gurluşygynyň barşynda, soňra bolsa onuň dabaraly açylyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parafin, ozokerit we ägirt uly fermentleriň, mikroelementleriň, mineral duzlaryň kömegi arkaly keselleri bejermegiň netijeliligini belledi.

Munuň özi serişde çalşygyny üpjün edýär, süňkleriň, bogunlaryň agyrysyny peseldýär, derini gowy arassalaýar, bedenden şlaklary, toksinleri çykarýar, nerw we endokrin ulgamlarynyň işini ýeňilleşdirýär.

Bu ýerde SPA boýunça sagaldyş çärelerini ýerine ýetirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýörite maksatnama arassa howanyň mukdaryny kesgitlemäge, ýakymly ýaglaryň görnüşlerini anyklamaga, yşyklandyryşyň reňklerini we ýagtylygyny kadalaşdyrmaga, sazyň owazyny we onuň sesiniň derejesini sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi bejerişiň has netijeli bolmagyny üpjün edýär. Bu usul nerw, ýürek-damar, endokrin ulgamlarynyň, içki agzalaryň kesellerini bejermekde, kosmetologiýada netijeli ulanylýar.

Daýanç-hereket ediş ulgamyny, newritleri, newrolgiýany bejermekde, posttrawmatika, agyryly sindromlaryň bejergisinde krioterapiýa ýa-da sowuk bejeriş usuly ulanylýar. Munuň özi bedeniň mümkinçiliklerini işjeňleşdirýär hem-de içki agzalaryň işini höweslendirýär.

“Daşoguz” şypahanasynda näsaglary tiz bejermek üçin ähli zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän bejeriji mineral suwlarynyň, häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň we ýokary derejeli hünärmenleriň bolmagy bu ýerde dynç alýanlara dünýä şypahana ulgamynyň hyzmatlarynyň ýokary derejesini hödürlemäge oňyn şerti üpjün edýär.