Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy gurmagyň düzümleýin taslamalary bilen tanyşdy

Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine şu ýylyň 15-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli aralykda zähmet rugsadynyň berilýändigini aýtdy. Şu günler ýurdumyzyň şypahanalarynda, dynç alyş merkezlerinde ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary öz saglyklaryny berkidýärler hem-de wagtlaryny peýdaly geçirýärler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş pursatlarynda hem öz wagtyny netijeli peýdalanýar. Ozal habar berlişi ýaly, dynç alyş döwründe döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işiniň nobatdaky kitabyny ýazyp gutardy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy gurmagyň täze tapgyryny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigiň yglan edilmeginiň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, sanly we IT-tehnologiýalar arkaly işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen tanşyp, şolar babatda degişli belliklerini hem-de maslahatlaryny berdi.
Gürrüň, hususan-da, Aşgabat-siti adyna eýe bolan döwrebap binagärlik taýdan ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi barada barýar. Ony amala aşyrmagyň çäklerinde zerur bolan düzümli durmuş, dolandyryş we beýleki maksatly desgalaryň iri toplumynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Hödürlenen taslamalarda milli binagärligiň iň gowy däpleriniň hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň öňdebaryjy meýilleriniň sazlaşykly utgaşmagy öz beýanyny tapdy we şonuň bilen birlikde, innowasion çemeleşmäni aýdyň görkezdi, şol çemeleşme bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan taslamanyň esasynda goýuldy.
Olary işläp taýýarlamaga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň gatnaşandygy guwançly ýagdaýdyr. Soňky ýyllarda talyp ýaşlar şeýle işlere ýygy-ýygydan çekilýär, bu bolsa olaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini işjeň ulanmaga ýardam edýär.
Häkim döwlet Baştutanymyza taýýarlanylan taslamalar, şolaryň özboluşly aýratynlyklary we desgalaryň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeler barada hasabat berdi. Hususan-da, täze şäheriň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän ýolagçy duralgalarynyň taslamalary hakynda giňişleýin habar berildi. Duralgalaryň daşky keşbinde milli binagärlik babatda nusgalyk hasaplanylýan hem-de türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine mynasyp goşandyna aýdyň şaýatlyk edýän dünýä belli taryhy-medeni ýadygärlikleriň häsiýetli aýratynlyklary öz beýanyny tapdy.
Paýtagtymyzyň köp desgalarynyň halkara derejeli abraýly binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Munuň özi dünýäniň iň owadan paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýelän Aşgabadyň ösdürilmeginde ägirt uly üstünlikleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr.
Gurluşyk tehnologiýalarynda dünýäde döreýän hemme täzelikler öz çäklerini giňeldýän paýtagtymyzda ulanylýar. Ine-de, örän uly täze taslamany durmuşa geçirmegiň wagty geldi. Bu baradaky pikir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.
«Şäheriň içindäki täze şäheriň» ýollarynyň ugrunda ýerleşdiriljek jemgyýetçilik ulagynyň duralgalary barada aýdylanda, häkimiň habar berşi ýaly, häzirki döwürde duralgalaryň taslamasy taýýarlanyldy. Şolaryň birinjisi, ak öý şekilinde bolup, döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen bir hatarda, desganyň milli we estetiki täsirliligini üpjün eder.
Bagtyýarlygyň we abadançylygyň nyşanlary bolan, gadymdan gelýän ak öýler türkmen halkynyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Olar häzir hem maşgala we milli derejede bellenilýän toýdur baýramlaryň üýtgewsiz alamatlary bolup durýar.
Taslama laýyklykda, ikinji duralga gadymy Nusaýyň şekilinde bolup, onda taryhda öçmejek yz goýan Parfiýa-türkmen döwletiniň esasy aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr. Taryhda Nusaý şäheriniň ösen medeniýetiň, söwdanyň we halkara gatnaşyklaryň merkezi bolandygy hemmelere mälimdir. Mälim bolşy ýaly, Gadymy Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hem girizildi.
Nobatdaky duralganyň daş keşbi türkmen binagärliginiň belent nusgasy hasaplanylýan Soltan Sanjar aramgähiniň şekilindedir. Gündogaryň Orta asyr binagärliginiň merjeni diýlip ykrar edilen bu meşhur ýadygärlik halkymyzyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşany bolup, onuň mirasy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Birwagt Türkmenistanyň çäginden geçen we häzir täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgalarynyň biri kaşaň kerwensaraýlary, köpugurly bazarlary bolan Amul şäheridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenen nobatdaky duralganyň taslamasynda şol şäheriň keşbi öz beýanyny tapdy.
Türkmen halkynyň taryhyň dürli döwürlerinde sarsmaz döwletleri döredip, azym-azym şäherleri bina edendigi bellärliklidir. Şolaryň hatarynda gadymy Horezm döwletiniň paýtagty Köneürgenç hem bardyr. Ol ady rowaýata öwrülen Nusaý we Merw şäherleri bilen bir hatarda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Täze şäherde jemgyýetçilik ulagynyň duralgasynyň keşbinde täsin binagärlik ýadygärlikleri bilen bilelikde, Köneürgenjiň esasy aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şähergurluşygy babatda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmakda gurulýan desgalaryň binagärlik aýratynlyklary, inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz görkezilen taslamalary, umuman, makullap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň sanly tehnologiýalar döwrüne gadam goýup, innowasiýalaryň, ýokary şäher medeniýetiniň, maýa goýum işjeňliginiň, syýahatçylygyň paýtagtyna öwrüler.
Täze duralgalaryň gurluşygynda ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän serişdeler ulanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem täze şäheriň ugurdaş desgalary häzirki zamanyň ylmy-tehnologik derejesine kybap gelmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, duralgalary awtobuslaryň hereketini, ugruny we gelmeli wagtyny görkezýän anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bezelişi taýdan tapawutlanýan duralgalarda ýylyň ähli paslynda ulaga garaşyp duran adamlar üçin amatly howa ýagdaýy döredilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, binagärlik taslamalaryny taýýarlamaga we amala aşyrmaga degişli ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi, munuň özi täze pikirleriň, täzeçil garaýyşlaryň döremegine we durmuşa geçirilmegine ýardam eder.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň ählisiniň sazlaşykly ýerleşmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, şäher gurşawynyň ýaşaýyş-durmuş ulgamyny kämil guramak paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolmalydyr diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz durmuş, ykdysady, ekologiýa we estetiki ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, işlenip taýýarlanylan taslamalaryň her biriniň ýerleşişi hem-de özara baglanyşygy bilen bagly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Şolarda milli binagärligiň däpleri we dünýä şähergurluşygynyň häzirki zaman ýörelgeleri öz beýanyny tapmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň taslamalarynyň we maketleriniň awgust aýynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde guraljak halkara sergide görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz täze binalaryň gurluşygynda ulanyljak ähli serişdeleriň häzirki zaman talaplaryna kybap gelmelidigini, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan gabat gelmelidigini belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça taýýarlanylan maksatnamany ýokary derejede durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.