Saýlawyň öňüsyrasyndaky möwsümiň nobatdaky tapgyry tamamlandy

5-nji martda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna ozal çykyp gidenleriň ornuna dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Onuň dalaşgärleri görkezmek we bellige almak ýaly, ilkinji iki tapgyry ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna laýyk derejede geçdi. Ýokary halkara kadalara laýyk gelýän hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esas döredildi.
Umuman, milli parlamentiň deputatlygyna 7, halk maslahatlarynyň welaýat derejesindäki agzalygyna 11, onuň etrap we şäher derejesindäki agzalygyna 36, şeýle hem Geňeşleriň agzalygyna 227 dalaşgär görkezildi. Ähli saýlaw okruglarynda bir dalaşgäriň ornuna birnäçe adam hödürlendi.
Ýokarda agzalan guramalaryň düzümlerine görkezilen dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleri, bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ulgamynyň işgärleri, halk hojalygynyň senagat, gurluşyk, aragatnaşyk we beýlekiler ýaly dürli pudaklarynyň işçileri bar. Olaryň köpüsi syýasy partiýalara wekilçilik edýärler. Şeýlelikde, döwlet durmuşyna degişli möhüm wezipeleriň çözgüdine raýatlyk jemgyýetiniň ähli institutlarynyň gatnaşygy üpjün edilýär.
Milli saýlaw kanunçylygyna we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda bellige alnan dalaşgärleriň hemmesine saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.
Häzirki döwürde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçýär. Mälim bolşy ýaly, jemgyýetimiziň durmuşynda gadymy demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýan giň bäsdeşlik esaslar bu möwsümiň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar.
Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk taraplary, olaryň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna goşant goşmak meýilleri dalaşgärleriň maksatnamalarynyň özenini düzýär.
Öz işini gowy bilýän, hakyky watansöýüjiler hökmünde dalaşgärler watandaşlarymyzyň özlerine bildirilen ynamlaryny ödejekdiklerine ynandyrýarlar. Şeýle hem olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny, tejribelerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryny nygtaýarlar.
Saýlaw möwsüminiň degişli derejede geçirilmegi oňa milli synçylaryň gatnaşygyny şertlendirýär.
Şu günki güne çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan we beýleki jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de raýatlar toparyndan synçylaryň 284-si bellige alyndy.