Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we beýlekiler gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işgärleriň hünär baýramy hem-de şu maslahatyň geçirilmegi mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda: «Bu öňde goýlan maksatlara ýetmegi daşary-syýasy we diplomatik taýdan üpjün etmek üçin, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky täsirli ornuny mundan beýläk-de berkitmäge, şol bir wagtda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerimizi netijeli durmuşa geçirmäge degişli çäreler hem-de anyk meýilnamalar işlenilip düzüldi we olar guramaçylykly durmuşa geçirilýär» diýip belledi.

Soňra maslahata gatnaşyjylara türkmen döwletiniň Baştutanynyň daşary syýasatyna bagyşlanan wideofilm görkezildi. Häzirki wagtda ýurdumyz özüni ählumumy meseleleriň möhüm strategik gatnaşyjysy hökmünde görkezip, halkara gatnaşyklar ulgamynda öňdäki orunlara çykdy.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmegi hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanylan hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy türkmen döwletine dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz strategiýasy hökmünde jar eden ýurt hökmünde ösüş hem-de abraýyny pugtalandyrmak üçin has giň mümkinçilikler açyldy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň döredijilik häsiýeti hem-de şonuň esasynda goýlan ýörelgeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda aýdyň beýanyny tapýar hem-de sebitde we tutuş dünýäde deňhukuklylyk, özara ynanyşmak hem-de hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan oňyn gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkara gatnaşyklar ulgamynda barha täze belent sepgitlere ýetilýändigi bellenildi. Munuň şeýledigini, ilkinji nobatda, goňşy döwletler, sebitiň ýurtlary hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ähli hünärleriň talyplary üçin türkmen Bitaraplygy, ders, diplom, dissertasiýa işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň ylmy taýdan öwrenilmegi babatda ýörite sapaklar guraldy.

Maslahata gatnaşyjylar dünýäniň özara baglanyşykly ösýän häzirki şertlerinde halkara gatnaşyklarda diplomatiýanyň ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny bellediler. Milli bähbitleri üpjün etmek we daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek wezipeleri bilen bir hatarda, diplomatlaryň işiniň täze ugurlary we görnüşleri ýüze çykýar.

Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar türkmen diplomatiýasynyň işiň däbe öwrülen, döwrebap ugurlaryny utgaşdyrýandygynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýändiginiň nusgasy bolup durýandygyny bellediler. Deňeçerlik, köpugurlylyk, yzygiderlilik we halkara meseleleri çözmäge köptaraply, netijeli çemeleşmäge ygrarlylyk döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň tapawutly alamatlarydyr.

Ýurdumyz diplomatiýanyň ykdysadyýet, ulag, energetika, suw, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlaryny öňe sürýär. Parahatçylygy goldamak, syýasy diplomatik usullar arkaly jedelleri kadalaşdyrmak, parahatçylyk döredijilik hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak çäreleri ýaly gurallary işjeň peýdalanmaga gönükdirilen öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň işjeň daşary syýasatynyň möhüm halkara meseleleri çözmekde Bitarap döwletimiziň uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugurlary ählumumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden, iri abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Ýurdumyz kabul edilen ähli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary hem-de konwensiýalary ýerine ýetirip, öz üstüne alan borçlaryna gyşarnyksyz we yzygiderli eýerýär, parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň bähbidine öz ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny doly derejede peýdalanýar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň kämilleşdirilmeginiň meselelerine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji ugruny, türkmen Lideriniň ählumumy ösüşiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny netijeli durmuşa geçirmekde diplomatlaryň öz öňlerinde goýlan möhüm meseleleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdikleri ynandyrylýar.

Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärleriniň we Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň birnäçesini Daşary işler ministrliginiň diplomlary bilen sylaglamak dabarasy hem-de konsert boldy.

Dabaraly baýramçylyk çäreleri tamamlanandan soňra, Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Okuw merkezinde diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça talyplaryň öňünde çykyş etdiler.