Halajyň çeper halyçylyk kärhanasy oba ýerlerinde bölümlerini açar

Geçen ýyl Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçylary ýokary netije gazandylar. El halylarynyň we haly önümleriniň önümçiligi ilkinji gezek 9 müň 100 inedördül metrden geçdi. Halyçylar 2019-njy ýylda bu sepgitden hem ýokary netije gazanmagy göz öňünde tutýarlar.

Gurluşynyň özboluşlylygy, baý reňkleri, owadanlygy we hili bilen haýrana goýýan ärsary, beşir, gyzylaýak, kerki halylaryna diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. Nepis halylar kärhananyň nakgaşlarynyň we ussat halyçylarynyň hünärine ussatlygynyň, zehininiň we döredijilik gözlegleriniň miwesidir.

Ýörite tabşyryk bilen kärhanada 70 inedördül metrden 180 inedördül metre çenli özboluşly uly göwrümli halylar hem dokalýar. Birnäçe aý mundan ozal halaçly halyçylar meýdany 215 inedördül metr we her inedördül metrinde 326 müň çitim bolan 8 burç “Oguzhanyň ýyldyzy” atly äpet haly dokadylar.

Islegli önümiň çykarylşyny artdyrmak maksady bilen oba ýerlerinde Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň bölümlerini açmak boýunça iş alnyp barylýar. Hususan-da, Güýçbirleşik obasynda 100 orunlyk we Ajy obasynda 70 orunlyk haly sehleriniň taslamasy işlenilip taýýarlanylýar.