Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda telekeçiligi has-da ösdürmek, önüm öndürýän telekeçileri döwlet tarapyndan goldamagy dowam etmek maksady bilen, şeýle hem «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 12672-nji Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan we Mary welaýatlarynda gurlan guşçulyk toplumlaryny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.