Resmi habar

Türkmenistanyň sport we ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini, ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän şertleri we mümkinçilikleri, bu ugurlarda ýetilen sepgitleri hem-de türkmen türgenleriniň ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmak we giňden mahabatlandyrmak, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýöretmekligi hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda bolup geçýän täzelikleri we habarlary ilat köpçüligine ýokary hilde ýetirmek we bu babatda maglumatlary bermegiň usulyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine «Bedenterbiýe we sport» žurnalyny we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyny goşup, olaryň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyny ýuridik şahs hökmünde bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi.

Resminama bilen, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyny 2019-njy ýylyň fewral aýyndan başlap çärýekde bir gezek, türkmen, iňlis we rus dillerinde çap etmek,

Türkmen döwlet neşirýat gullugyna «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň ýokary hilli we wagtynda neşir edilmegini üpjün etmek,

Senagat we kommunikasiýa ministrligine «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyna döwürleýin abuna ýazylyşygy guramak,

Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.