Bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi artýar

Şu gün ulanmaga berlen täze desgalaryň ýene-de biri — Mary etrabynda gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanadyr. Desga import we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda guruldy.
Häzir Türkmenistanyň ähli sebitlerinde tutuş ýylyň dowamynda ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň ilatyny gök we bakja önümleri bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin işewürlik taslamalaryny çalt we ýokary hilli amala aşyrmagyň möhümdigine düşünýän ýerli telekeçiler döwletimiziň berýän goldawyndan ruhlanyp, şeýle desgalary höwes bilen gurýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Sada türkmen” hususy kärhanasy bu taslamanyň buýrujysy hem-de potratçysy bolup çykyş etdi.
Ýyladyşhana 8 gektara deň bolup, sarp edijilere her ýylda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň 500 tonnasyny ugratmaga niýetlenendir. Ýyladyşhanada ýokary ýylylyk saklaýjy aýratynlyklaryna hem-de uzak möhletleýin ulanyş häsiýetine eýe bolan serişdeler ulanyldy. Döwrebap hem-de ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen desgada belli bir ýylylyk we ýagtylyk düzgüni, çyglylyk hem-de topragy ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrmak işleriniň berjaý edilmegi göz öňünde tutuldy. Ulgamlaryň işleri kompýuterleşdirildi.
Toplumyň çäginde balarylarynyň saklanýan ýeriniň bolmagy toplumyň aýratynlygydyr. Balarylary oba hojalyk ekinleriniň tozanlandyrylmagy üçin ulanylar. Bu bolsa ekologiýa nukdaýnazaryndan örän möhümdir. Mundan başga-da, şeýle çemeleşme hasyllylygy birnäçe esse artdyryp, ýokary ykdysady netijäni: girdejililigi, özüni çalt ödeýjiligi hem-de düşewüntliligi üpjün eder.
Ekologiýa taýdan arassa, ýokumly önümleriň öndürilişini artdyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän özgertmeleriniň baş durmuş wezipesidir hem-de ol obasenagat toplumyny ösdürmäge gönükdirilendir. Döwletimiz bu pudagy goldamak maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini çaltlandyrmak, ekerançylygyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, gök önümleriň artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmak üçin şertleri döredýär.