Daşary ýurtlaryň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine Täze ýyl gutlaglaryny iberýärler

photo

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Size çuňňur hoşallygymy hem-de Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Antoniu GUTERREŞ,
BMG-niň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň.

Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnamanyň güýje girmegi syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikler açýar. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň dostlukly halklarymyzyň bähbidine gürrüňsiz laýyk gelýär.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagt, uly üstünlik, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýylyňyz bilen gutlaýaryn!

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy.

***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo ABE maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz,

Size bagtdan püre-pür Täze ýyly arzuw edýärin!

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri hanym Tereza MEÝ ýanýoldaşy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz,

Ýetip gelýän Täze ýylda Size we Siziň ýurduňyzyň ähli halkyna parahatçylyk, saglyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Täze, 2019-njy ýyl bilen Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan mähirli gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ýetip gelýän Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Size we Siziň ýakynlaryňyza maşgala bagtyýarlygyny, berk jan saglyk, uly üstünlikler, Siziň doganlyk ýurduňyzyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.