Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda

photo

Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 28-nji dekabry.