Birža täzelikleri

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Türkiýe Respublikasyndan we Özbegistan Respublikasyndan gelen täjirler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kalini, tehniki uglerody, tehniki ýody satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasydan, Türkiýe Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan gelen telekeçilere awtoulag, reňksiz list aýna, nah ýüplük, dermanlyk otlardan taýýarlanan çaý içgileri ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 815 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasyndan we Beýik Britaniýadan gelen işewürler jemi bahasy 11 million 190 müň manatlykdan gowrak bolan örme önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 13 million 820 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumyny, pagta süýümini satyn aldylar.