2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy

photo

Zenanlaryň arasynda 87 kilograma çenli agramlykda birbada götermekde Dominikan Respublikasyndan gelen türgen Krismeri Santananyň altyn medaly eýelemäge oňat mümkinçiligi boldy. Ol soňky synanyşygynda 117 kilogram agramy götermegi başardy. Ýöne HHR-den gelen türgen Hui Ao ondan bir kilogram agramy artyk götermegiň hötdesinden geldi. KHDR-den Un Ju Kim üçünji orna mynasyp boldy.

Itekläp götermek boýunça bäsleşikde altyn medal ugrundaky göreş koreýaly we hytaýly türgenleriň arasynda dowam etdi. Türgenleriň ikisi hem üç synanyşygynyň ählisiniň hötdesinden abraý bilen geldi, ýöne Un Ju Kim 152 kilogram agramy göterip, altyn medala mynasyp boldy. Ol Hui Aodan bir kilogram agramy köp götermegi başardy. Ýöne çykyşlaryň jemi boýunça hytaýly agyr atletikaçy birinji orna, koreýaly türgen bolsa ikinji orna mynasyp boldy. Itekläp götermekde üçünji orny Çiliden Mariýa Waldes eýeledi, çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orna Krismeri Santana mynasyp bolmagy başardy.

Ýaryşyň jemleýji gününde erkekleriň arasynda 109 kilogramdan ýokary agramda hem-de zenanlaryň arasynda 87 kilogramdan ýokary agramda dünýäniň çempionlary belli bolar.