2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy

photo

Erkekleriň arasynda 109 kilograma çenli agramlyk derejede Ermenistandan gelen agyr atletikaçy Simon Martirosýan çykyşlaryň jemi boýunça dünýä çempiony boldy. Ol jemi 435 kilogram agramy göterip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ermenistanly türgen bu netijäni birbada götermekde 195 kilogram agramlygy galdyryp gazandy. Şol görkeziji boýunça ol ikinji ýere mynasyp boldy. Ýöne itekläp götermekde 240 kilogram agramy göterip, dünýä rekordyny täzeledi we özünden soňky orny eýelän türgenden 12 kilogram agramlygy köp götermegi başardy.

Çykyşlaryň jemi boýunça hytaýly Že Ýangu kümüş medala mynasyp boldy. Ol birinji görnüşde ýeňiş gazanmagy başardy, ýöne itekläp götermekde dördünji orny eýeledi. Çykyşlaryň jemi boýunça polşaly türgen Arkadiuž Mihalski bürünç medaly eýeledi. Ol itekläp götermekde 228 kilogram agramlygy galdyryp, ikinji orny eýeledi. Özüniň şu netijesi bilen birbada götermek boýunça şowsuzlygyny düzetmegi başardy. Agramlygy götermegiň şu görnüşinde ol diňe on bäşinji orna mynasyp bolupdy.

Birbada götermekde Russiýa Federasiýasyndan gelen türgen Rodion Boçkow bürünç medaly eýeledi. Itekläp götermekde bolsa üçünji orna özbegistanly türgen Ruslan Nurudinow mynasyp boldy.