Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

photo

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depginini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar gadymdan gözbaş alýan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, mazmuny ýylsaýyn baýlaşýar.

Dostlukly, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň abraýly sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sylag köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, telekommunikasiýalary we ählumumy maglumatlar giňişligini ösdürmekde gazanylanlaryň halkara derejesinde ykrar edilmegine şaýatlyk edýär.

Şeýle hem milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Termez şäherinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň dabaraly garşylanmagy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz şu ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan etdik. Biziň ýurdumyzyň taryhy çäkleri bu gadymy kerwen ýolunyň “ýüregi” bolup durýar. Häzir bu ýol täze şertlerde dikeldilýär.

Şol şygar astynda biz dürli çäreleri, şol sanda Medeniýet günlerini geçirýäris. Özbegistanyň üsti bilen ýolagçy düzüminde Täjigistana ugran wekillerimiziň üstüne hem jogapkärli wezipe – milli taryhy-medeni mirasymyzyň baýlygyny açyp görkezmek, goňşy doganlyk halklaryň arasynda netijeli ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge ýardam etmek wezipesi ýüklendi.

Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyklar, şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda gol çekilen Strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda we beýleki birnäçe ugurlarda, hususan-da, obasenagat toplumynda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özbek oba hojalyk tehnikalarynyň özüni gowy tarapdan görkezendigini belläp, Türkmenistanyň olary geljekde hem satyn almakçydygyny aýtdy.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine goňşy döwletleriň abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygyny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem berkejekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege jan saglygyny we üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.