Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marýa Liiwaladan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi öz nobatynda mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Finlýandiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 27 ýyllygy mynasybetli iberen mähirli gutlaglaryny hem-de tutuş türkmen halkyna mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Hanym Marýa Liiwala iki döwletiň we halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyryp, halkara syýasy giňişlikde, şol sanda Finlýandiýada milli Liderimiziň tutuş dünýäde ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşdyryjylykly we döredijilikli başlangyçlarynyň uly hormata hem-de goldawa eýedigini belledi.
Duşuşygyň barşynda doly ygtyýarly wekil Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy, onda gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar hem-de iri halkara guramalary, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge möhüm orun berilýär. Milli Liderimiziň başyny başlan, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Ýurdumyzda demokratik we hukuk özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy bilen baglylykda, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri söhbetdeşligiň möhüm meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gün paýtagtymyzda, Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda geçirilen umumymilli forumyň — Halk Maslahatynyň orny we ähmiýeti bellenildi. Ol häzirki türkmen jemgyýetiniň hakyky halk häkimiýetliligi ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Özara bähbitleriň we uzak möhletleýinliligiň esasynda netijeli türkmen-fin hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
***
Türkmenistanyň we Finlýandiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň meselelerine ilçiniň Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygynyň barşynda hem seredildi.