Türkmenistanda Tailand Patyşalygynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Pantipa Iamsudha Ýekarohitden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Tailandyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi öz nobatynda hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kuwwatyny artdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem diplomat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we jemgyýetiň durmuşynda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň oňyndygy bellenildi.
Hanym Pantipa Iamsudha Ýekarohit Mejlisiň düzümi hem-de köptaraplaýyn işleri bilen tanyşdyryldy.
Tailandyň doly ygtyýarly wekili öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge hem-de gyzyklanma döredýän dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda uly mümkinçiliklere eýe bolan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna hem-de özara bähbitlere laýyk gelýän türkmen-tailand gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin ähli şertlere eýe bolup durýandygyna ynam bildirildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlygyň bardygy bellenildi.
***
Şu gün Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem maksatnama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, “Türkmengaz” döwlet konserninde hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyklar göz öňünde tutuldy.