img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy

photo

2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy.

Maslahata dünýäniň 200-e golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ministrler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ekologiýa ulgamyndaky bilermenler, işewür toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Onuň gün tertibine azyk howpsuzlygy, oba hojalygy, saglyk, energetika, ulag, söwda, maliýe, ylym-bilim, senagat, tehnologiýalar, şäherleri durnukly ösdürmek we zyňyndylary azaltmak boýunça milli borçnamalary pugtalandyrmak, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler, durmuş-medeni maksatnamalar girizildi.

«Antalýa Ekspo merkezinde» Gahryman Arkadagymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşyladylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Sammite gatnaşýan ähli wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy hem-de wideoşekiller görkezildi.

 Soňra BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylary mübärekledi. Ol öz çykyşynda häzirki döwrüň möhüm ähmiýetini belläp, howanyň bu babatda görülýän çärelerden has çalt üýtgeýändigini aýtdy we dünýä jemgyýetçiligini has netijeli çäreleri görmäge çagyrdy.

Sammitiň plenar mejlisiniň açylyş dabarasyndaky çykyşlarda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli borçnamalary ýerine ýetirmek we ekologik taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçmek meselelerine üns çekildi. Mejlise gatnaşyjylar ýapyk aýlawly ykdysadyýet standartlaryny, galyndysyz senagat ýörelgelerini ornaşdyrmak, metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz maslahatyň Liderler sammitiniň plenar mejlisinde eden çykyşynda, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik we bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ýurdumyzyň bu maslahata howanyň üýtgemeginiň soraglary boýunça özara düşünişmegi berkitmek, howa baradaky ählumumy dialogy dünýä ösüşinde hereketlendiriji güýje öwürmek işinde möhüm çäre hökmünde garaýandygy nygtaldy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň howa babatdaky strategiýasy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Çykyşyň doly teksti bilen şu salgylanma arkaly tanşyp bilersiňiz: https://mfa.gov.tm/articles/2062.

Türkiýä iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

* * *

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň milli pawilýony ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň beýany boldy.