Döwlet etalon merkeziniň laboratoriýalarynyň ýene birnäçesi halkara derejesinde ygtyýarnama almaga taýýarlanýar

Mälim bolşy ýaly, „Türkmenstandartlary“ Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkeziniň Gyzgynlyk ölçeýji laboratoriýasy halkara barlagyndan geçip, 2022-nji ýylyň dekabrynyň ahyryna çenli hereket edýän ygtyýarnama aldy. Slowakiýanyň milli akkreditasiýa gullugynyň (SNAS) bilermenleri metrologlaryň işine ýokary baha berdiler. Olar laboratoriýanyň halkara ISO/IEC 17025 ölçegine laýyk gelýändigini tassykladylar. Merkezde geçirilýän gyzgynlyk ölçeginiň ugurlary ilkinji gezek halkara derejesinde ykrar edildi.
Halkara akkreditasiasyndan ozal uly möçberli amala aşyryldy. Birnäçe ýylyň dowamynda Britaniýanyň Standartlar Istituty tarapyndan amala aşyrylýan „Türkmenistanda hil infrastrukturasyny tehniki taýdan düzgünleşdirmegi we ösdürmegi kämilleşdirmegi goldamak“ maksatnamasynyň, Wilnýusyň metrologiýa institutynyň we Gruziýanyň Standartlar we Metrologiýa boýunça Milli Agentliginiň Metrologýia intitutynyň (GEOSTM) bilermenleri bilen bilelikde ýolbaşçylar düzümi hem-de termometriýa babatda takyk düzgünleşdiriş işlerini amala aşyrýan hünärmenler bilen okuw geçirildi we degişli ygtyýarnama alyndy. Wilnýusyň metrologiýa institutynyň goldamagynda türkmen hünärmenleri etalon enjamlaryna we ölçeg serişdelrine takyklaýyş işlerini, şeýle hem -40 - +30 °C aralykda laboratoriýara üç taraplaýyn deňeşdirme geçirdiler. Synaglaryň şowly geçmegi halkara akkreditasiýasyny geçmek üçin SNAS-a talaplyk hatyny we resminamalry ibermäge mümkinçilik berdi.
Döwlet etalon merkeziniň düzüminde laboratoriýalaryň 26-sy hereket edip, olaryň işi önümleriň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň dünýä hil ölçeglerine gabat gelmegine gönükdirilendir. Milli etalon binýadynda ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda ulanylýan ölçegleriň 17-si boýunça etalon toplumlary, enjamlary we aşa takyk serişdeleri bar. Häzirki wagtda agram, güýç, şeýle hem möçber we basyş ölçemek boýunça laboratoriýalar halkara akkreditasiýasyna taýýarlanylýar.