Balkan welaýatynda eksporta ugrukdyrylan ýod-brom önümçiligi ýokarlanýar

photo

Türkmenistany 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda eksporta ugrukdyrylan we ýerli tebigy çig maldan, şol sanda himiýa serişdelerinden daşary ýurtlarda öndürilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça täze kuwwatlykary döretmeklige aýratyn üns berilýär. Şunda Balkan welaýatyndaky “Guýular” we “Boýadag” ýataklarynda baý känleri bolan ýoda we broma uly ähmiýet berilýär. 

Şol çig mal serişdelerini senagat taýdan peýdalanmak dünýä bazarlarynda islegli önümleriň dürli görnüşlerini çykarmagy ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şu maksat bilen Balkanabadyň ýod we Hazaryň himiýa zawodlarynyň binýadynda täze kuwwatlykary gurmak göz öňünde tutulýar, şonuň netijesinde olaryň birinjisinde ýylda 250 tonna ýod, 2400 tonna brom, ikinjisinde 300 tonna ýod, 4500 tonna brom öndüriler. 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň Bereket şaherinde ýerleşýän ýod önümçiligi kärhanasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda islegli haryt öndürilýär. Onuň taslama kuwwatlylygy 250 million sany ýodly taýajyklar, 50 million sany ýodly galamlar, 500 müň sany stomatologiýa tamponyny öndürmäge niýetlenendir. 

Çykarylýan önümleriň görnüşi yzygiderli artdyrylýar: häzirki wagtda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we bäsleşige ukyply önümiň 11 görnüşi çykarylýar. Önümçilikde ýerli çig malyň ulanylmagy onuň özüne düşýän gymmatyny ep-esli derejede arzanladýar. 

Kärhananyň suw arassalaýjy desgasy we önümçilik sehleri döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen. Italiýada öndürilen kuwwatly sorujylar we kompressorlar sagatda 500 litri suw arassalamaga mümkinçilik berýär, ol üç müň litrlik ýapyk howdanda saklanylýar we şol ýerden önümçilik hajatlary üçin alynýar. 

Ýodly taýajyklar öndürilýän sehde ýod ergini süzülip, ondaky garyndylardan arassalanylýar, şondan soň laboratoriýada himiki usulda analiz geçirilýär. Soňra halkara ölçeglerine laýyk önüm konweýerde gaplaýyş bölümine ugradylýar. 

Ýodly galam öndürýän sehde hem şeýle tehnologik proses bolup geçýär. Beýlekisinde-- iň döwrebap barlag-ölçeg enjamlary, awtomatiki dolandyryş ulgamlary we kompýuter tehnologiýasy hereket edýär. 2017-nji ýylyň ahyrynda ýurdumyzyň klinikalarynda we daşary ýurtlarda islegli bir göterimli powidon-ýod ergini öndürilip başlandy. Kärhanada çykarylýan önümleriň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Häzirki wagtda hem kärhananyň işgärleri önümleriň ýene birnäçe görnüşini önümçilige goýbermäge taýýarlanýarlar.