Aşgabadyň ýüpek egirme fabriginiň döredilmeginiň 90 ýyllygy bellenilýär

Türkmenistanyň dokma pudagynyň iň baýry kärhanasy 1928-nji ýylda işe girizildi. Ençeme ýyllyk taryhynda ol 1948-nji ýyldaky weýrançylykly Aşgabat ýer titremesinden soň ýene täzeden dikeldilip, dünýä bazarlarynda islegli harytlar öndürilýän ýokary tehnologiýaly döwrebap önümçilige öwrüldi.
Eksporta alnan ugur strategiýasynyň jähtinden dokma senagatynyň esasy pudaklarynyň biri bolan ýüpekçilik gözbaşyny gadymy eýýamlardan alyp gaýdýar.Ýüpek mata we ondan beýleki önümleri öndürmegiň, aýratynam çitimleri syk nepis haly dokamagyň syrlary asyrlarboýy nesilden nesle geçip gelipdir.
Önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň netijesinde fabrikde öndürilýän ýüpek matalaryň hili gowulandy, neijede oňa alyjylaryň islegi-de artdy. Keteni önümçilgi kämilleşdirilýär, harytlaryň täze görnüşleri önümçilige ornaşdyrylýar. Ýubileý mynasybetli gurnalan sergide kärhanada öndürilýän önümleriň nusgalary görkezildi. Özboluşly zenan egin-eşikleriniň nusgalary, başatgyçlardyr ýapynjalar, ýüpek ýaglyklar, keşdelelnen torbalar we beýleki önümler bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.
- Ýurt garaşsyzlygyny almagy bilen döwletimizde senagat önçümçiligini hil taýdan ýokary derejä çykarmak maksat edinilip, täze önümçilikleriň gurluşygy bilen birlikde pudagyň ozaldan işläp gelýän kärhanalary, şol sanda Aşgabadyň ýüpek egirme fabrigi hem täzeden enjamlaşdyryldy, - diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy Maýa Suwlyýewa gürrüň berýär. — Onuň köne jaýynyň ýerine giň sehler guruldy, Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen döwrebap enjamlar oturdyldy. Tehniki we tehnologik täzelenişiň, marketing strategiýasynyň kämilleşdirilmegi netijesinde önümiň hili, onuň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandy.
Daşary ýurtlarda biziň önümlerimize uly isleg bildirilýär, muňa dürli halkara sergileri-de şaýatlyk edýär. Golaýda Saud Arabystanynda we Germaniýada geçirilen sergilerde ýüpek halylarymyza gyzyklanma bildirenler köp boldy. Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan täze önümleriň suratlary taýyarlanyldy. Olar tomusda geçiriljek sergide görkeziler.