Türkmen wekilýeti Owganystan boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Daşkentde “Parahatçylykly ýagdaý, howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk we sebit özara hereketi” atly ýokary derejeli halkara maslahaty geçirildi.
Forumyň işine Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Russiýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýobaşçylary, Hindistanyň daşary işler Döwlet ministri, Türkmenistanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, BMG-nyň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça Ýörüte wekili Tadamiçi Ýamamoto, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň Ýolbaşçysy Natalýa German, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wezipeli wekili Federika Mogerini, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörüte wekilleri, Ýaponiýanyň DIM-niň ýörüte geňeşçisi, Kataryň DIM-niň ýörüte wekili, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti öz çykyşynda “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetini belledi, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bolsa, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerine kuwwatly itergi bermäge niýetlenen “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň ähmiýetini nygtady.
Forumda Owganystany dikeltmegiň syýasy-diplomatik we maliýe-ykdysady ugurlary, owgan meselesini çözmek jähtinden özara hereketiň gurallary, şeýle hem terrorçylyk, radikalizm we ekstremizm ýaly howplara garşy göreş ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde tagallalaryny birleşdirmek meselesi boýunça pikir alşyldy. Halkara maslahatynyň jemi boýunça Daşkent jarnamasy kabul edildi, onda sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmek, Owganystanyň sebitiň durmuş-ykdysady işlerine goşulyşmagyna ýardam etmek ýaly maksatlar beýan edildi.
Forumyň çäklerinde “Ýewropa Bileleşigi--Merkezi Aziýa” görnüşinde ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi, onuň barşynda sebitiň ykdysady ösüşiniň geljegi, şeýle hem söwda-ykdysady, ylym, maýa goýum-tehnologiýalar we bilim ulgamlaryndaky sebitara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.