Alymlar Hazaryň türkmen bölegindäki emeli adanyň ösümlik dünýäsine barlag geçirdiler

photo

Hazar deňziniň çäginde ellä golaý ada hasaba alnandyr. Hazaryň türkmen böleginde ýerleşýän 170 gektar emeli ada hem olaryň hataryna goşuldy. Täze tebigy meýdan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň gurluşygy bilen bilen bir wagtda kemala getirilipdi. “Binýat’ hökmünde gumly-çagyl düşeldi, tolkuna garşy diwar guruldy. Ilkinji gezek bu taslama barada 2011-nji ýylda gürrüň edilip başlanypdy, ol 2014-nji - 2016-njy ýyllarda guruldy, ony döretmäge millionlarça kub metr tebigy gum gitdi. 

Häzirki wagtda bu biologik meýdanyň tebigaty baýlaşýar, täze ada özgerýär, ol ekologik gözegçilige mümkinçilik döredýär. Ylmy we tebigaty goraýyş edaralarynyň hünärmenleri oňa ylmy barlaglary geçirmek, geljekde ekoligiýa syýahatçylygyny guramak üçin ornitologiýa ähmiýetli desga hökmünde garaýarlar. Bu ýerde adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň täsiri bolmaz, häzirlikçe ada gelmäge diňe deňiz biologiýasy we guşlar boýunça hünärmenlere rugsat berlendir. Deňiziň kenaryndan ötegçi guşlara syn edip bolýar, aýlaglary bolsa Aziýanyň ötegçi suwda ýüzýän we suwa golaý ýaşaýan guşlarynyň üç ýüze golaý görnüşiniň düşleýän ýerleridir. Ýaşyl öwüsýän täze adajyk guşlaryň ünsüni özüne çeker. 

Golaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň bilelikdäki ylmy-amaly topary adada saparda boldy. Toparyň düzüminde Biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutynuň laboratoriýalarynyň ikisiniň hünärmenleri, şeýle hem Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri bardy. Alymlar we ekologlar umumy görnüş köpdürlülilige baha berdiler, emeli adanyň ilkinji ýaşaýjylaryny ýazyp beýan etdiler. 

Biologiýa ylymlarynyň kandidaty, botanik Galina Wlasenko gözegçiligiň netijeleri barada şeýle gürrüň berdi: 

-Adada ösümlikler gögerip ugrady, bu bolsa toprakda zyýanly zatlaryň ýoklugyny görkezýär. Topragy çygly şor. Beýikligi 6-7 metr daşdyr çagyldan döredilen gaçy janly tebigatyň ilkinji wekillerini güýçli tolkunlardan goraýar, ösümlikleriň gowy boý almagyna ýardam edýär, wagtyň gelmegi bilen olaryň köki berkäp, topragy berkider. Topragy çygly, bir ýarym metrden aşakda güýçli minerallaşan suw bolanlygy sebäpli adanyň meýdanynyň 80 göteriminde galofitler - şor ýerlere uýgunlaşan ösümlikler ösýär. 

Adanyň ösümlikler dünýäsine syn edilende, onuň meýdanynyň ýaryna golaýyny ýewropa ýatasynyň tutýanlygy belli boldy. Ýata Türkmenistanda ähli ýerde - Hazaryň kenaryndan tä Etrek derýasynyň arnasyna çenli ýerlerde gabat gelýär we beýleki ösümlikler birlikde öl şoralaryň esasy bölegi bolup, düýeler we dowarlar üçin ýylboýy ýokary ýokumly iým çeşmesidir. Ýatanyň bejeriş häsiýetleri bardyr, onuň kökünden sabyn önümçiliginde ulanylýan himiki madda-potaş, samanyndan kagyzyň gaty görnüşlerini öndürmek üçin pulpa alyp bolýar, tohumy kosmetiki ýag üçin ulanylýar. Ýylgyn adada has gowy gögerýän ösümlikdir. Olaryň käbiriniň boýy iki metre ýetýär. Şor ýerde gögerýän ýylgyn häzir gülläp otyr. Olar adanyň bäşden bir bölegini tutup, seýrek biten jeňňelligi emele getirýär. Hazar ketgeni raýyşa golaý ýerlerdde gögerýär. Günorta gamyşy köp ösüpdir, olar çygly ýerlerde topar-topar bolup ösüp otyrlar. Käýerlerde türkistan syrkyny, selme we beýleki ösümlikler gabat gelýär. Olar üçin şor ýer ýakymly toprakdyr. Olaryň käsi eýýäm miweleýän bolsa, beýlkileri henis ösüp otyr.