Türkmen telekeçisi agrobiotehnologiýalary ulgamynda üstünlikli işleýär

Ýurdumyzyň obasenagat pudagynda biogumus önümçiligi ýaly islegli ugur ösüş ýolunda. Ol ekologiýa taýdan arassa dökünden organiki substraktlary gaýtadan işlemegiň agrobiologiýa tenhologiýasydyr. Dünýäniň dürli künjeklerinde biogumus ýetişdirmekde iri kompaniýalaryň ençemesi üstünlikli işleýarler.
Ýurdumyzda bu ugurda şahsy telekeçi Döwlet Berdiýew şowly iş alyp barýar. Ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň “Durun” daýhan birleşiginde ýerleşýän hususy hojalygynda gurçuk saklar ýaly 400 inedördül metr jaý gurdy. Telekeçi haryda ygtyýarnama aldy we synag işlerinden geçen soň harytlyk biogumusyň ilkinji tonnalaryny ýerleşdirdi. Ony döwlete degişli we hususy kärhanalar, kärendeçiler we şahsy taraplar satyn alýarlar. Hasyllylygyň kepili bolan önüme isleg bildirýänleriň sany barha artýar, şonuň üçinem ol önümçiligi giňeltmek ugrunda işleýär, şol sanda maldarçylyk we guşçulyk fermalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar, geljekde daşary bazarlara çykmagy göz öňünde tutýar.
“Biogumus önümçiligi meniň işläp taýýarlan tehniki şertlerim boýunça we maňa berlen önümçilik howpsuzlygy ygtyýarnamasyna hem-de şeýle önümiň hil ölçeglerine laýyklykda alnyp barylýar. Men şahsy harytlyk belgimi tassyklatmagy, täze usullary synap görmegi göz öňünde tutýaryn” - diýip Döwlet Berdiýew gürrüň berýär.
Şu ýylyň aprel aýynda Döwlet Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ýanyndaky aspirantura okuwa girdi. Onuň ylmy işiniň temasy oba hojalyk önümçiliginde biogumus ulanmak bilen baglanşykly. Ol ylmy barlaglarynyň bir bölegini öz melleginde we gurluşygy tamamlanyp barýan awtomatlaşdyrylan dolandyryşly ýyladyşhana şertlerinde geçirmegi niýet edinýär.
Telekeçi öndürýän biogumusynyň hilini gök-bakja ekinlerini daşlyk we arryk ýerde ekip synagdan geçirdi. Barlag garaşylşyndanam ýokary netije berdi, ekinler çalt ösdi we bol hasyl berdi. Gara smoridinadan hem bol hasyl alan Döwlet indi bu süýji we peýdaly miwe ekýän ýerini giňeltmegi göz öňünde tutýar. 2016-njy ýylda ekilen miweli baglar hem gowy düýp tutdy. Bag damjaly suwaryş ulgamy bilen üpjün edilen, biogumusyň ulanylmagy bolsa suwy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Topragyň kesel dörediji mikroflorasyny aradan aýyrýan we zyýan beriji mör-möjekleri ýok edýän bu biodöküniň suwa garylan ergininiň ekinleriň ýapraklaryna sepilmegi we düýbüne guýulmagy pestisidlere ekologiýa taýdan arassa alternatiwadyr. Mundan başga-da, ders gurçuklarynyň peýdaly fermentleri olary oba hojalyk maldarçylygynda we guşçulykda ýokumly garyndy hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.
Biogumusyň öndürilmeginiň we onuň bagçylykda hem-de gök ekarançylykjda ulanylmagynyň ekologiýa we ykdysady babatda geljegi ulydyr. Oba hojalyk önümçiliginiň galyndysy daşky gurşawa zyýan ýetirmezdeen serişde deňagramlylygyny saklap galmaga, çykdajylary azaltmaga we oba hojalyk önümçiligini ösdürmäge ýardam eder.