Resmi habarlar

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny we döwrebap ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak hem-de wagyz etmek, ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmek we “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyna Türkmenistandan we daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň hem-de olara hyzmat edijileriň awtoulaglaryny we tehnikalaryny ýaryş bilen bagly Türkmenistanda bolýan döwründe 200 tonna çenli A-95 benzini hem-de 200 tonna çenli EKO-5 kysymly milli dizel ýangyjy bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň sargytnamasyna laýyklykda, hakyky sarp edilen möçberine görä muzdsuz üpjün etmek tabşyryldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde ýol beren kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Agamyradow Pürli Nurmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi.