Baýramçylygyň öň ýanyndaky çäreleri utgaşdyrmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat şäher häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramçylygyna, dabaraly çäreleri guramaga, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren degişli wezipelerini çözmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, dürli pudaklaryň, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň, şäher gulluklarynyň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar milli Liderimiziň görkezmelerini durmuşa geçirmek boýunça möhüm çäreleriň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahat döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak, şol sanda hormatly Prezidentimiziň ýakynda paýtagtymyzdaky täze gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, onuň durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişi bilen tanşan mahalynda beren tabşyryklaryny amala aşyrmagyň barşy baradaky hasabatdan başlandy.
Mälim bolşy ýaly, gurulýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, öz wagtynda ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň esasy talabydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan taýýarlyk meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy şerti hökmünde kesgitleýär. Şu maksat bilen Aşgabatda gök we seýilgäh zolaklarynyň çäklerini giňeltmek, arassaçylyk kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.
Paýtagtymyzyň ilaty milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyryşyna jogap edip, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagyna bagyşlanan ýowarlara we beýleki ekologiýa ugurly çärelere yzygiderli gatnaşýar. Şunuň ýaly asylly çäräni Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirmek bellenildi. Bu bolsa şäheriň şanly senäni ýokary derejede garşylamagynda aýratyn ähmiýetli bolar.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda paýtagtymyzyň jemagat hojalygy, energetika ulgamlarynyň, ýol-ulag we inženerçilik, aragatnaşyk düzümleriniň, beýleki gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şäheriň ähli ulgamlarynyň doly derejedäki sazlaşykly işi adamlar üçin möhüm şertleriň döredilmeginiň kepilidir.
Aşgabadyň Döwlet münberiniň öňündäki Baş meýdanda geçiriljek dabaraly ýöriş meselelerine hem garaldy. Ondan ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň müňlerçe işgärleri geçerler we Türkmenistanyň ykdysady toplumynyň hem-de durmuş düzümleriniň gazanan üstünliklerini görkezerler. Baýramçylyk çäreleriniň hatarynda konsert, sahnalaşdyrylan çykyşlar we beýleki köpçülikleýin-medeni çäreler bar. Maslahatda olary guramak boýunça anyk çäreler kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, baýramçylyk dabaralarynda milletimiziň baý medeni-taryhy mirasy, ýurdumyzyň häzirki döwri hem-de garaşsyz ösüş ýolunda geçen şöhratly menzili öz beýanyny tapar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik wekilleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň hem-de işiniň yzygiderli ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekýär. Şolar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ruhuna, Türkmenistanyň kuwwatly ykdysady we ynsanperwer mümkinçilikleri, ýokary ruhy däpleri hem-de jemgyýetiň demokratik gymmatlyklary bolan döwlet hökmündäki halkara abraýyna kybap gelmelidir.
Bularyň hemmesi baýramçylyk ýagdaýyny döretmekde, döwletimiziň dünýä giňişligindäki abraýyny berkitmekde möhüm orun eýeleýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mynasyp derejede beýan edilmelidir.
Maslahatda Garaşsyzlyk güni mynasybetli iri dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge gatnaşýan dürli edaralaryň we düzümleriň jogapkärçiligi hem-de işini utgaşdyrmagyň gurallary-da kesgitlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Baş baýramyny — Garaşsyzlyk gününi mynasyp garşylamak boýunça öňde goýan möhüm we jogapkärli wezipelerini doly ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar.