img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy

photo

2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy.

Sammitiň geçiriljek ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammiti öz işine başlady.

Ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanlarynyň şu formatda ilkinji gezek bir ýere jemlenendiklerini aýtdy we bu sammitiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny nygtady.

Soňra çykyş etmek üçin sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda, ilki bilen, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona bildirilen myhmansöýerlik, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

“Türkmenistan şäher ösüşini we infrastrukturasyny, täze talaplardyr meýillere laýyk gelýän häzirki zaman urbanistik gurşawyny döretmegi biziň formatymyzyň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda öňe süren «Akylly» şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjyna salgylanmak isleýärin. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi, tejribe we maglumat alyşmagy, ylmy-tehniki gazananlary bilelikde ornaşdyrmagy, umuman, urbanistikanyň, şäher gurluşygynyň integrirlenen, netijeli nusgalaryny döretmegi göz öňünde tutýar” diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady.

Häzirki wagtda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk möhüm ugurlar bolup durýar.

“Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Medeniýet ulgamynda Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň “Ýol kartasy”, şeýle-de «Ýaş zehinler» maksatnamasy teklip edildi.

Agzalanlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidenti sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine we halkara hyzmatdaşlygyň durnukly, netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şertine öwrülmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.

Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary Koreýa Respublikasynyň tehnologiýalaryny çekmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek, tebigy serişdeleriň gorlaryny bilelikde özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak, ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň ýurtlaryny dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan logistika ugurlaryny ösdürmek, emeli aň ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Sammitiň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul Jarnamasy kabul edildi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite mejlisine gatnaşdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon işewürler sammitiniň ýörite mejlisini açyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýany taryhyň jümmüşine uzap gidýän gadymy gatnaşyklaryň baglanyşdyryp gelýändigini we häzirki wagtda Koreýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda hemmeleri Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli dialog üçin möhüm we abraýly işewürlik meýdançasyna öwrülen işewürlik sammitiniň mejlisinde mähirli mübärekläp, bu işewürlik dialogyna ýurtlarymyzyň arasynda giň ugurlar boýunça doly formatly, yzygiderli, uzak möhletli ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp başlangyç nokady hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny we görnüşlerini öňe sürmäge, möhüm kararlary kabul etmekde hökümetlere amaly, usuly taýdan goldaw berjekdiklerine hem ynam bildirdi.

Türkmenistan ulag-logistika ulgamyna strategik taýdan ileri tutulýan ugur hökmünde garaýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine hem-de ynanyşmagy berkitmäge, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, onuň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýanyň arasynda özara söwdanyň ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz işewürlik sammitine gatnaşyjylara netijeli işleri, gepleşikleriň üstünlikli geçmegini hem-de hyzmatdaşlygy, özara bähbitli ösüşi pugtalandyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň dowamynda geologiýa, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek, energetika ulgamynda, şol sanda “ýaşyl” energetikada bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňdebaryjy koreý tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşyjy döwlet Baştutanlarynyň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi.

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Seul şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

***

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde degişli formatyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň ilkinji duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy; Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: geljegiň emeli aňy, ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyjy; Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi, energiýa geçirijiligi we howanyň hili babatda başlangyjy kabul edildi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda senagat we üpjünçilik zynjyry babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji işewürlik sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi.

***

Türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň birinji duşuşygy, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: emeli aň, ylym we tehnologiýa babatynda geljekki hyzmatdaşlyk boýunça ministrler duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça ministrler forumy geçirildi. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.