Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi.
BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekil öz çykyşynda Türkmenistanyň tebigy serişdeleri jogapkärçilikli, adalatly we özara bähbitli esasda dolandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini, olary parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny belledi.
Çykyşda Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmlerini pugtalandyrmaga, parahatçylyk we ynanyşmak pelsepesini ilerletmäge, energetika hem-de ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge, suw howpsuzlygyny berkitmäge, daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu ugurlaryň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 32 Kararnamasynda öz beýanyny tapandygy bellenildi.
Şeýle-de çykyşda soňky geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň ýurdumyzyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasata üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklandygy nygtaldy.
Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna hödürlenilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek, ynanyşmagy pugtalandyrmak, tebigy serişdeleri jogapkärçilikli dolandyrmak hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly BMG-niň işine mundan beýläk-de işjeň we netijeli goşant goşmaga taýýardygy tassyklanyldy.