img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri

photo

Şu günler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri geçirilýär.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy milli amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat bolan giň möçberli sergi bilen utgaşdy. Onda muzeý gymmatlyklaryna, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserlerine orun berildi. Munuň özi sergä gatnaşyjylaryň türkmen halkynyň özboluşlylygy, asylly ýörelgeleri bilen tanyşmagy üçin amatly mümkinçilik boldy.

Açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegine giň ýol açýandygy nygtaldy.

Şunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Bu bolsa iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna, birek-biregiň däp-dessurlary bilen tanyşmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, dostlukly ýurtda geçirilýän Medeniýet günleriniň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparyna gabat gelmeginde çuňňur many bar. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini äşgär edýär.

Medeni forumyň çäklerinde iki ýurduň döredijilik we kitaphana işgärleriniň duşuşygynyň geçirilmegi onuň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Olarda häzirki döwürde özara tejribe alyşmak we degişli ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Soňra medeni çäre Türkmenistanyň we Gruziýanyň teatr ýolbaşçylarynyň duşuşyklary bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň teatr işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly geljegi bar. Sahna ussatlarynyň duşuşygynda häzirki zaman teatr sungatynyň ýeten derejesi, ony mundan beýläk-de ilerletmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň agzalary Tbilisi şäheriniň gözel ýerlerinde gezelenç edip, täsirli pursatlardan wideoýazgylary taýýarladylar.

Konsertiň ahyrynda aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymynyň ýaňlanmagy has-da täsirli boldy.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri dowam edýär.