img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi.

Oňa toparyň türkmen böleginiň başlygy we agzalary, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Ilham Aliýewiň yzygiderli tagallalary bilen döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Mejlise gatnaşyjylar toparyň ozalky mejlisiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iş toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça degişli tekliplere garaldy.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady görkezijilerine aýratyn üns berdiler. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär.

Mejlisde ykdysadyýetiň, maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Toparyň agzalary işewürlik ugry boýunça özara duşuşyklary, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şeýle çäreleriň özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna kuwwatly itergi berjekdigini tassykladylar.

Nebitgaz we elektroenergetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak, giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleri açýar.

Mejlisde iki ýurduň arasynda ulag-logistika, üstaşyr geçirmek, sanly ösüş, telekommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni-ynsanperwer ulgam mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy. Mejlise gatnaşyjylar ylym, taryhy we golýazma edebiýatyny öwrenmek, sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryň uludygyny bellediler.

Şeýle-de oba hojalyk, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, şäher gurluşygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisiniň jemleri boýunça kabul edilen degişli Teswirnamada hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikde durmuşa geçiriljek anyk işler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýetleriniň dar düzümdäki duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň ugurlary barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy.