img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar

photo

2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi.

Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Özara gatnaşyklaryň häzirki tapgyry taryhy waka — Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi bilen dabaralandyryldy. Bu forum diňe bir köp ýyllaryň dowamynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijelerini jemleýän waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geljek onýyllyklar üçin gatnaşyklaryň binýadyny kemala getirmekde strategik meýdança bolup çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmaklary forumyň aýratyn ähmiýetini we onuň ýokary halkara derejesini tassyklaýar.

Maslahatyň plenar mejlisinde çykyş etmek üçin, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, geçirilen netijeli gepleşikler, şeýle hem şu maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, munuň nebitgaz pudagyndaky türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini görkezýändigini belledi.

Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletli ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynda örän möhüm şert bolup hyzmat edýär. Şu ýyl nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýar.

“Bu işde «PETRONAS» kompaniýasynyň uly orny bardyr. Bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumyny goýdy.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde örän köp işler amala aşyryldy. Hyzmatdaşlygyň düýpli şertnama binýady döredildi. Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda önüm çykarmagyň durnukly ösüşi gazanyldy. Şu maksat bilen, deňizde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlanyldy.

 Bu ägirt uly işleriň netijesinde, häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriniň uly gorlary açyldy. Bu ugurda «Magtymguly», «Diýarbekir», «Garagöl Deňiz» ýaly ýataklar özleşdirilýär. Ýakyn wagtda «Öwez», «Maşrykow» ýataklaryny hem senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär.

“Hazar deňzinde bilelikde işlenen ýyllarda 44 milliard kub metrden gowrak gazyň, 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy «PETRONAS» kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň gazanan möhüm üstünlikleriniň biri boldy.

Hazar deňziniň türkmen kenarynda malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işlemegiň esasynda gaz taýýarlaýan zawod we kenar gaz terminaly, deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desga guruldy.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz malaý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işini goldaýandygy üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, maslahata gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenistanyň we Malaýziýanyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de hemmelere üstünlikleri, täze sepgitleri arzuw etdi.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime söz berildi. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri çykyşynyň başynda Malaýziýanyň halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize, Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk halkyna hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara ynanyşmak, hormat goýmak, umumy ösüşe tarap ymtylmak gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi.

Şu gün ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi özara gatnaşyklaryň täze tapgyryna gadam basylandygynyň güwäsi bolup durýar” diýip, Malaýziýanyň Premýer-ministri aýtdy we beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar» diýen şahyrana setirleriniň şu gezekki duşuşygyň düýp manysyny şöhlelendirýändigini nygtady.

Anwar Ibrahim bu sözleriň Malaýziýanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň ruhy jebisligini iň gowy ýagdaýda subut edýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimize we türkmen işewürliginiň wekillerine ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Plenar mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasy bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Forumyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime maslahata gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nusgalyk häsiýete eýedigini aýdyň subut etdi.