img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisine gatnaşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy.

Çärä şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar Sammitiň taýýarlyk işleriniň barşyny, jemleýji resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.