img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň bilen ÝUNISEF-iň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler.

Şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde guralan, Halkara çagalary goramagyň  gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanda ÝUNISEF bilen bilelikde durmuşa geçirilýän häzirki we geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, öňde geçirilmegi meýileşdirilýän bilelikdäki çäreleriň taýýarlygy bilen bagly meseleler hem garaldy.