img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

photo

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler hem-de iri taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada maglumat berildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-müsür gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamed özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.