img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Argentina Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Enrike Ignasio Ferrer Wiýeýranyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Argentinanyň Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary onuň diplomatik işini amala aşyrmakda zerur ýardamy bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ilçi, öz gezeginde, türkmen-argentina hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky dialogy berkitmek ugrunda ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge bolan özara taýýarlygy aýan etdiler. Syýasy-diplomatik dialogy, söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň we ÝUNESKO-nyň çäklerinde iki ýurduň başlangyçlaryny özara goldamaga gyzyklanmasyny tassykladylar.