Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň netijelerine aýratyn ünsi çekdiler.