BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Möhleti 2027-nji ýylyň iýunyna çenli uzaldylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin 2022–2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalara aýratyn üns berildi.
Duşuşykda kiberhowpsuzlyk meselelerine hem aýratyn orun berildi. Kiberjenaýata garşy göreşmek boýunça BMG tarapyndan kabul edilen Konwensiýanyň ähmiýeti nygtaldy. Bu resminamanyň gol çekilişi şu ýylyň 25–26-njy oktýabrynda Wýetnamda geçiriler.
Türkmen tarapy kiberhowpsuzlyk, sintetiki neşe serişdelerine we adam söwdasyna garşy göreşmek ýaly ugurlarda BMG-niň degişli müdirligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şu ýylda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guramaçylyk meselelerine hem seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde özara gyzyklanmany beýan etdiler we häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna netijeli garşy durmak üçin bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtadylar.