Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary çakylygy kabul edip,  ŞHG-nyň Sammitine gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Başlyk Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, Din Sýuesýan Hytaýyň Türkmenistan bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygyna uly üns berýändigini belledi.

HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti hytaý tarapyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge,    ŞHG giňişliginde durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem, mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Din Sýuesýany we Hytaýyň dostlukly halkyny Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar strategik we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýokary döwlet, Hökümet we ministrler derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak, iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmak işinde hökümetara komitete uly ähmiýet berilýär.

Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr.

Häzirki wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem aýratyn ähmiýete we wajyplyga eýe. Türkmenistanyň öz ulag-üstaşyr infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý durnukly ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy.

Ýurdumyzyň HHR bilen geljekde demir ýol ulaglary pudagynda, milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, döwlet Baştutanymyz özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak babatda bilelikde tagallalary etmegi hem teklip etdi. Hususan-da, Türkmenistan Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardyr.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, Türkmenistanyň birnäçe bilim ojaklarynda bolsa hytaý dili öwredilýär. Şunuň bilen baglylykda,  Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tehnologiýalar, şol sanda emeli intellekt ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglygyny, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.