Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Başlyk Si Szinpin sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň netijeli geçjekdigine ynam bildirdi.
Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli orny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandy bellenildi.
Sammitiň «ŞHG+» formatyndaky mejlisiniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpin täze halkara ähmiýetli teklip — Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu başlangyjy goldaýandygyny hem-de hytaýly kärdeşler bilen ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işlemäge taýýardygyny beýan etdi.
Guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, Bitaraplyk hukuk ýagsaýyna, halkara başlangyçlaryna hemişe oňyn garaýandygyny nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş etdiler we goldadylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn minnetdarlyk bilen aýdýandygyny belledi. Döwlet baştutany Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge şat boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutany ykdysady ulgamyň Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýandygyny aýdyp, ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Ulag ugruna aýratyn üns çekildi. Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys. Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa - Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.
Bu babatda Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn bellenildi. olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy wezipämiz hasaplaýarys, - diýip Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy mümkinçilikleri açýar diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda amatly we gysga ugur hökmünde Hazar deňziniň ähmiýetiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we ŞHG-ä agza birnäçe döwletleriň bu foruma iň ýokary derejede gatnaşandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady.
Gämigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli boljakdygy we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň özara bähbitleriň amal edilmegine getirjekdigi hem bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardygyny belledi.
Türkmenistan şu ýokary döwlet derejedäki duşuşyga Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde garaýar. Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany sözüni jemledi hem-de şu iri sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Mejlisiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary derejeli duşuşygyň ahyrynda Başlyk Si Szinpin Prezident Serdar Berdimuhamedowa çakylygy kabul edip, Hytaýa gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we çuň manyly çykyşynyň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.